Terbiýe mekdebi

30 Iýul 2024
356

(hekaýa)

Bu waka tomusky dynç alyş möwsüminde bolup geçdi. Myrat her tomusda şäherden atasynyň ýanyna oba gelerdi. Özi hem hut atasynyň ýanyna gelse, onuň yzyndan galmazdy. Edil ulaldylyp kiçeldilen ýalydyr. Atasynyň çaý içişini, kitap okaýşyny, hereketlerini gaýtalardy. Esen aga agtygynyň özüne meňzejek bolup ýörşi ýaraýardy. Şonuň üçin hem ol agtygyny «köşegim» diýip söýgülärdi. Bu sözi Myrat ilkiler geň görerdi. Hawa-da, şäherde köşek ýok, düýe ýok. Onsoň bu söz şäherde beýle kän aýdylmaýardy, kitapda okaýmasa. Bir gün ol bu sözüň manysyny düşündirmegi enesinden sorady:

Nurjemal TÖRÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy.