"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen halylarynyň aýratynlygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Gödek süýüm ýogyn, gödek, buýralylygy ýok diýen ýalydyr. Ol 3 gatlakdan — teňňejikler, gabak we merkezi gatlakdan ybarat bolup, merkezi gatlak süýümiň bütin uzynlygyna gidýär (garaköli goýunlaryň ýüňi şuňa degişlidir).

Milli senedimiz — kämil sungatymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda milli mirasymyzyň beýleki ugurlary bilen birlikde keçeçilik sungatymyzyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, kämilleşdirmek, bu ajaýyp sungatyň usullaryny geljekki nesillere geçirmek hem-de ony giňden wagyz etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Etrabymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Milli senedimiz — kämil sungatymyz» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu tutumly çärä etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we ussat halyçy, keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar. Ýatda galyjy çärede täsin gülleri arkaly geçmiş bilen şu güni, nesilleri baglanyşdyrýan ajaýyp keçeleriň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar çäräniň dowamynda eli çeper Şeker Şukurowanyň keçe taýýarlaýşyna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Çärä gatnaşyjylar keçe güllenilende gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, şadyýan aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, degişmeleri, dürli rowaýatlary aýtdylar. Ylaýta-da, etrabymyzdaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Aýlar Weliýewanyň keçeçilik sungatynyň taryhy barada aýdyp beren rowaýaty hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Bogursak

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «bogursak», beýleki sebitlerde «pişme» ady bilen belli bolan süýji tagamly, ýagda bişirilýän dörtburç şekilli nygmatyň özboluşly taryhy bar. Rowaýata görä, oguz nesillerinden bolan Bugra han ýörişleriniň birinde aşpezine bugdaý unundan bir üýtgeşik tagam taýýarlamagy buýrupdyr. Aşpez derhal hamyr edip, romb görnüşinde kesip, ony ýagda bişirýär. Bu tagam hana şeýle bir ýarapdyr welin, ony gaýta-gaýta taýýarlamagy buýrupdyr.

Beýiklige sarpa

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlendigini bellemek wajypdyr. Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde açylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Sebäbi Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Pyragynyň şygyrlarynda halky üçin arzuwlan gymmatlyklarydyr.

Haly — türkmeniň baýlygy

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary derejesine çykaryldy. Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Häzirki döwürde dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Magtymguly — köňlümiň aýdymy

Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» kitabyndan: «Türkmeniň halysy onuň köňlüniň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna guýandyr». Halyçy zenan Merjen Berdiýewanyň döwletli maşgalasyna baranymyzda, ol diwaryň ýüzünde gerilgi duran Magtymguly Pyragynyň haly portretini sypap durşuna:  — Magtymguly atamyz baradaky gürrüňleri çagalygymdan uly gyzyklanma bilen diňlärdim. Onuň nurana keşbine aşykdym, ol keşbi haly çitimlerine geçiresim gelýärdi. Magtymguly köňlümiň aýdymyna öwrülipdi — diýdi.

«Milli mirasym — halym»

Düýn şeýle at bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary mynasybetli guraldy. Oňa halyçylar we bu şäherde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran nobatdaky iş saparynda şäheriň ýaşaýjylarynyň halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky ýüztutmalarynyň oňyn başlangyçdygyny, hormatly Prezidentimiziň ony makullan ýagdaýynda bu şäherde gurulmagynyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Aýdym-saza beslenen maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.

Halk döredijiligi — egsilmez hazyna

Halk döredijiliginiň jümmüşinde egsilmez hazyna ýatyr. Milli lybaslarda, şaý-sepler bilen bezelen gyzlarymyzyň halk döredijiliginden ýerine ýetirýän läleleri, hüwdüleri, monjugatdy oýunlary, küştdepdi tans sungaty, hymmyllary, «Çapak», «Haý öleň», «Şykga-şykga bilezik» ýaly gazallary, ýerine ýetirýän tanslary gönüden-göni saglyga täsir edýän hereketlere beslenendir. Toýlarda ýerine ýetirilýän hereketli pursatlaryň biri bolan «Gelne baş salmak» däbinde gelin-gyzlarymyzyň gyz tarapy, gaýyn tarap bolup güýç synanyşmaklary özboluşly hem-de gyzykly.

Gyýra

«Daşoguz habarlary» gazetiniň «Hazynalar horjunyndan» sahypasyny her gezek uly gyzyklanma bilen okaýaryn. Onda milli mirasymyza dahylly berilýän täsirli makalalardyr gyzykly maglumatlar ýaşlarymyzy terbiýelemek bilen birlikde, baý medeni gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Gazetiň şu ýylyň 11-nji aprelindäki sanynda çap edilen «Çypdy» atly makala hem mende uly täsir galdyrdy. Ol çagalyk döwrümde gözümde galan pursatlary hyýalymda janlandyrdy. Kakam pahyr daýhan adamdy. Onuň kendir gabygyndan tanap işişi, keçe gamşyny dokaýşy, gyýra örüşi çagalykdan gözümde galypdyr.

Alnyndan ak Gün dogan bedewimiz

Aňrybaş gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy, düşbüligi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewleriniň şöhratly hem-de gadymy taryhy bar. Bu ajaýyp atlar hakda ilkinji maglumatlar gadymy taryhçylar, jahankeşdeler tarapyndan ýazylyp galdyrylypdyr. Taryhyň atasy hasaplanylýan Gerodot olara «behişdi bedewler» diýip örän ýokary baha beripdir. Bu taýsyz atlaryň asyl mekanynyň bolsa Köpetdagyň etegidigi-de taryhy hakykatdyr. «Oguznamada» ak atly Oguzhanyň günbatara ýörişiniň Asgard şäherinden başlanandygy beýan edilipdir. Asgard bolsa häzirki gözel paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde ýerleşipdir. Bu sebitde ýetişdirilen atlar ýyndamlygy we owadanlygy, uzak ýola çydamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi bu ýerde ýaramly howa ýagdaýy bolup, durnagöz çeşmeleriň tenekar suwy hem-de ýapgytlarda we jülgelerde peýdaly otlaryň köpdügi tohum atlaryň ösdürilip ýetişdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle bedewleriň hil sypatlaryny gowulandyrmak bilen bolsa tejribeli atşynaslardyr seýisler meşgullanypdyrlar. Oguzhan döwründe eýýäm ýörite atşynaslar, seýisler, ýonaçylar peýda bolupdyr. Atlar üçin eýer, üzeňňi, jylaw, gorag serişdeleri ýasalypdyr. Söweş atlarynyň kelleleri, boýunlary, döşleri gymmatbaha metaldan bejerilen gorag serişdeleri bilen örtülipdir. Atlaryň aýaklaryna nal kakmak ýoň bolupdyr. Olar uzak ýollara çydamly bolupdyrlar.

Şekillerde Pyragynyň waspy bar

Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň surat mugallymy Daýanç Meredow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap agaçdan ýasan eserleri bilen welaýatymyzda guralýan sergilere işjeň gatnaşýar. Şeýle günleriň birinde biz onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Daýanç mugallym, söhbedimiziň başynda, ilki bilen, döredijilik ýoluna başlaýşyňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Zer gadyryny zergär biler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Halkymyzyň milli mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper dilde beýan etdiler. Taýýarlan çyzgylary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak boýunça ussatlyklaryny görkezdiler. Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Edebi miras

Pespällik Biz Magtymguly Pyragyny öwüp beýgeldip bilýärmikäk? Beýle däl bolaýmasa. Men türkmen edebiýatynda özüniň pespälligi bilen Magtymgulyny beýgelden bir şahyry bilýärin. Ol Mämmetweli Kemine. Bu şahyra degişli diýlip aýdylýan rowaýatda ol: «Magtymguly şygryýet meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize onuň diňe hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip aýdýar. Gör, nähili ajaýyp baha. Aperin, siz ussadyna!

Kemineden bir nyşana...

Meniň dilim, seniň eliň hünäri, Nusga bolup galsyn ilden-illere.

Halky kyssalar

Üç dost Magtymguly märeke söýen adam bolupdyr. Her bir ugurdan özüne göwni ýetýän adamlaram, onuň bar ýerinde arkaýyn gürläbermäge çekinipdirler. Magtymgula hemişe öýüň töründen ýer beripdirler. Ol obada Ussagara, Orazmeňli ýaly şahyrlar bilen tirkeşer eken.

Müňýyllyklaryň medeniýeti

Ata Watanymyzda halkymyzyň Oguz han döwründen gözbaş alyp gaýdýan geçmiş taryhyny, milli mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, şeýle hem medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmegi bolsa uly ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Kitapda bular barada giňişleýin maglumat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär.

Atlarda duşýan nyşanlar

Ýyndamlykda we gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Geçen ýyl Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Eýsem-de, bedewleriň aýaklarynda, kellesinde, seýregräk ýagdaýlarda göwresinde dürli şekilde we ululykda duşýan nyşanlar barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Birmeňzeş reňkdäki atlary bir-birinden tapawutlandyrmaga kömek edýän nyşanlar dogabitdi bolýar. Bedew atlarymyzda duşýan nyşanlaryň käbiri hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik: Sakar. Atyň maňlaýy we ýüzi tutuşlygyna ak bolanda, oňa sakar diýilýär.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Naýbaşy sungat eseriniň şanyna toý tutuldy

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar, ýurdumyzyň ussat halyçylary, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylaryň öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidigi bellenilýär.

Baglar — köňül saýasy

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy we ekerançylygyň Watany bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, hasylly topragy we amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, ekerançylygyň netijeli häsiýete eýe  bolmagyny üpjün edýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde ýurdumyzyň ýaýlalarynyň gülläp ösendigini, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk, miweçilik bilen meşgullanandygyny görkezýär. Diýarymyzda her ýyl birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen millionlarça bag nahallary oturdylyp, dürli şekilleri özünde jemleýän ajaýyp haly ýaly gözelligi döredip, olara ýylyň ähli paslynda döwrebap ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagy üçin soňky ýyllarda tokaý zolaklarynyň, ajaýyp seýilgähleriň, seýilbaglaryň örän köp sanlysy döredildi. Şeýle seýilgähleriň biri hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumydyr. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Zemin togalagyndaky iň belent heýkeli gurlup, oňa barýan basgançakly ýolda ýerleşdirilen 5 sany haly göllerimiziň şekilleriniň iki gapdalyny  dürli bag nahallary, arçalar we ýaşyl meýdan otlar bilen bezelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.