Atlarda duşýan nyşanlar

31 Maý 2024
634

Ýyndamlykda we gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Geçen ýyl Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Eýsem-de, bedewleriň aýaklarynda, kellesinde, seýregräk ýagdaýlarda göwresinde dürli şekilde we ululykda duşýan nyşanlar barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Birmeňzeş reňkdäki atlary bir-birinden tapawutlandyrmaga kömek edýän nyşanlar dogabitdi bolýar. Bedew atlarymyzda duşýan nyşanlaryň käbiri hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik:

Sakar. Atyň maňlaýy we ýüzi tutuşlygyna ak bolanda, oňa sakar diýilýär.

Döwletgeldi ORAZOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.