Dünýä nusgalyk ýörelge
Bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, dünýäde, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, ähli döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarlylyk ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. 1995-nji ýyl Garaşsyz döwletimiziň milli senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan ýyl bolup taryha girdi. Bu senede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Şeýle hem 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyny zer setirler bilen bezedi.