"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Geliň, welosiped süreliň!

Bütindünýä welosiped güni. Ol siz ýaly oglanjyk ýa gyzjagaz bolsa, şu ýyl mekdebe barardy. Çünki edil sentýabrda ilkinji gezek ak mekdebe salam berjek jigilerimiz ýaly, Bütindünýä welosiped güni hem şu ýyl alty ýaşyny doldurdy. Alty ýaşlyjalarymyz alty gezek doglan gününi bellän bolsalar, hut şu aýda — 3-nji iýunda biz hem bütin Ýer ýüzi bilen bilelikde bu şanly senäniň doglan gününi altynjy gezek belledik. Özem diýseň gyzykly baýram boldy. Köpiňiz bilýänsiňiz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmeginde biziň döwletimiziň iňňän uly paýy bar. Çünki şu şanly sene bilen bagly hödürnamany BMG-niň Baş Assambleýasyna, hut Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň döwletimiz — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan teklip edipdi. 2018-nji ýylyň aprel aýynda bolsa dünýäniň iň abraýly guramasy bu teklibi goldap, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etdi. Ine, şol ýyldan bäri hem biz dünýä döwletleri bilen bilelikde bu şanly senäni belläp gelýäris.

Welosipedim we men

Ine, tomus! Dynç alyş,Üç aýlap hezil etjek.Ejem nirä ugratsa,Welosipedli gitjek. Säher ýa-da giç agşam,Meniň üçin parhy ýok.Welosipedim barkaHiç bir ýolda gorky ýok.

Türkmen tennisi ösüş ýolunda

Tennis — sportuň örän gyzykly we saglyk üçin peýdaly görnüşi. Şol sebäpden-de, bütin dünýäde tennis bilen meşgullanýan türgenleriň hem-de sportuň bu görnüşine gyzyklanma bildirýän janköýerleriň sany barha artýar. Tennis diňe bir ulularyň däl-de, çagalaryň arasynda hem meşhurdyr. Türkmenistanda-da tennis bilen meşgullanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ýylsaýyn köpelýändigi begendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat şäherinde çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem-de Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy ýaş türgenler we tennis muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka boldy. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen gurlan Tennis toplumy Merkezi Aziýa sebitinde sportuň bu görnüşi boýunça iň uly toplumdyr. Iri sport desgasynda giň gerimli sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek hem-de türgenleri ýaryşlara taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde birbada 4 müň tomaşaçy tennis ýaryşlaryna tomaşa edip bilýär. Soňky ýyllarda Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda ýaryşlar yzygiderli geçirilip başlandy. Bir ýyl mundan ozal, ýagny 2023-nji ýylyň iýun aýynda bu ýerde 12

Ezberlik — üstünligiň açary

Ezberligi, erjelligi, maksada okgunlylygy bilen ilkinji üstünliklere ýeten, özüni öňdebaryjy ýaş türgenleriň hatarynda tanadan ýetginjekleriň biri-de Musa Bekmyradowdyr. Ýaş türgen Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 35-nji orta mekdepde bilim, Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdepde bolsa tälim alýar. Ol göreşmegi höwes edip, kiçilikden sportuň taýboks görnüşi boýunça meşgullanyp başlaýar. Onuň ilkinji tälimçisi Atajan Orazmyradow bolup, ol Musa taýboksuň inçe tilsimlerini öwredýär. Häzirki wagtda Musa Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, halkara derejeli emin Nagmat Hojamämmedowdan sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça tälim alýar. Musa ukyp-başarnygyny diňe bir taýboks ýa-da uniwersal söweş boýunça däl, eýsem, sportuň jiu-jitsu, karate, boks, sambo ýaly görnüşleri boýunça hem görkezip, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Has takygy, ol 2018-nji ýylda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 40 kilogram agramda çykyş edip, 2-nji, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda 39 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde 75 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, şeýle-de, şol ýylda Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda 80 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 2024-nji ýylda sportuň söweş sambo

Mergenlerimizden üç medal

Ýakynda Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysynyň wekilleri Minsk şäherinde Belarus Respublikasynyň Açyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Milli ýygyndymyzyň gaznasyna goşulan medallaryň biri kümüş, ikisi bürünçdir. Halkara ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşan ýygyndymyzdan paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedowyň iki medal gazanandygy aýratyn bellärliklidir. Şahsy ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan Ezizmuhammet toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bähbit Gurbanow we içeri işler edaralarynyň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde bürünç medalyň eýesi boldy. Dürli döwletlerden Minsk şäherine ýygnanan sport wekilleriniň arasynda türkmenistanly ýaş mergenleriň ukybynyň uly seslenme döredendigini aýtmak gerek. Ýedi ýaşyndan sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi bilen meşgullanyp gelýän Ezizmuhammet 2017-nji ýyldan bäri Türkiýede we Gazagystanda guralan ýaryşlaryň birnäçesinden baýrakly orunlar bilen dolanýar. Şu günler ol «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlaryndaky ýeňlişini ýerine salmak üçin türgenleşýär. Geçen ýyl bu ýaryşda hormat münberine ýekeje basgançak ýetip bilmedik Ezizmuhammediň 25-nji iýundan 7-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýakutystan Respublikasynda geçiriljek oýunlarda esasy maksady — öňdäki üç o

Halkara ýaryşdaky üstünlik

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportunyň täze belentliklere çykyp, türgenlerimiziň ýeňişli ýolunyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda edýän uly tagallalary, döredýän giň şertleri türkmen sportunyň beýik maksatlara uzaýan ýoluna ýagty saçýar. Şunuň netijesinde halkara sport giňişliginde gazanylýan üstünlikler bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyny joşduryp, berkarar Watanymyza buýsanjyny artdyrýar. Bu gün türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, netijeleri hakyndaky hoş habarlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Biziň sport mekdebimiziň türgenleriniň hem şeýle üstünliklere şärik bolmagy başarýandyklary guwandyrýar.

Futbol täzelikleri

Dün­ýä çem­pio­na­ty – 2026-nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň «E» to­par­ça­syn­da çy­kyş ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Gon­kon­gyň mil­li ýy­gyn­dy­la­ry jem­leý­ji al­tyn­jy tap­gy­ryň çä­gin­de du­şuş­dy­lar. Paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len bu du­şu­şyk 0:0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.

Türgenlerimiziň şowly çykyşy

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde hereket edýän sport görnüşleriniň biri-de dzýudo bolup, bu görnüş boýunça ýörite meýilnama esasynda dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. 6 — 9-njy iýunda sport mekdebimiziň Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri şowly çykyş etdiler. Kakajan Ýagşymyradow 60 kg, Myrat Atabaýew +66 kg agramlarda öňdäki orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem Muhammetýar Ahmedow 66 kg, Merdan Taýjanow +90 kg agramlarda 2-nji orny eýelediler. Gurbanmuhammet Populow (66 kg), Islammuhammet Annadurdyýew (+66 kg), Bagtyýar Populow (+66 kg), Hemra Aýmuhammedow (81 kg), Şöhrat Küşliýew (81 kg) hem-de Serdar Ýagşymyradow (100 kg) 3-nji orunlary eýelemegi başardylar.

Sport mekdeplerinde

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 4-nji we 5-nji sport mekdepleriniň, Türkmenbaşy şäheriniň, Türkmenbaşy, Gyzylarbat etraplarynyň bedenterbiýe we sport bölümleriniň guramaklarynda Balkan welaýatynyň çägindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär. «Balkan» sagaldyş we dynç alyş, «Daýanç», «Arzuw» sagaldyş, «Gara altyn», «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz bagtyýar çagalar» atly hereketli milli oýunlar, «Kim çalasyn?» atly hereketli oýunlar, sportuň woleýbol, basketbol, stol tennisi, kenarýaka woleýboldyr futbol, şaşka we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlar, kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň arasynda «Şadyýan estafeta oýunlary» atly bäsleşikler guralýar. Baýrakly orunlara mynasyp bolýan çagalara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Ýakup AMANOW,

Dün­ýä çem­pio­ny­nyň Di­ýa­ry­myz­da­ky gün­le­ri

1971-nji ýylyň ýaz pasly küşt boýunça dünýä çempiony Mihail Botwinnigiň ýurdumyza gelendigi sebäpli bu gadymy oýna dahylly ildeşlerimiziň hakydasynda aýratyn orny eýeleýär. SSSR-iň sport ussady, halkara derejeli emin Lew Abramow bilen bilelikde güneşli ülkämize gelen küşt ýyldyzynyň türkmen topragyna gadam basan badyna meşhur türkmen küştçüsi Täşli Taýlyýewiň ýaşaýan ýerine – şol wagtky Aşgabat raýonynyň «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolhozyna gitmäge döwtalap bolmagy ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Şol wagt 82 ýaşda bolan Täşli aga bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşmagy Türkmenistana gelenindäki ilkinji borjy saýmagyny M. Botwinnigiň goja türkmen küştçüsine uly hormat-sarpa goýandygy bilen düşündirmek bolar.Mihail Botwinnik bilen Lew Abramow Diýarymyzda bir hepde bolup, jemi 209 döw oýnapdyrlar. Dünýäniň çempiony oýnan 86 döwüniň 79-synda ýeňiş gazanypdyr, 5-sini deňlikde tamamlapdyr, 2 döwde bolsa utulypdyr. Şol wagtky Nebitdag, häzirki Balkanabat şäherinde tehniki ylymlaryň kandidaty W. Koten hem-de N. Galiulin bilen oýnan döwlerinde asgyn gelendigini boýun almaly bolan küşt ussady Aşgabatda oýnan 61 döwüniň ýekejesinde hem ýeňilmändir.

Welaýatlardan habarlar

Bal­kan we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Mag­tym­gu­ly» at­ly tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, söz us­sa­dy­nyň saý­la­nan eser­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne ber­ýän ün­sü­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Toý ru­hu­na eýe bo­lan da­ba­ra gat­na­şan­lar ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik we hal­ky­my­zyň dö­re­den mil­li ýö­rel­ge­le­ri ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­ny buý­sanç bi­len nyg­tap, be­ýik akyl­da­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne goý­ýan bi­möç­ber sar­pa­sy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Taryhda şu gün

Aslynda, bu baradaky ilkinji teklip Fransiýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Baş sekretary Anri Delon tarapyndan 1950-nji ýylda orta atylýar. Soňlugynda Italiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Ottorino Brassi bilen Belgiýa Patyşalygynyň futbol bileleşiginiň Baş sekretary Žoze Kraaýanyň bu taslamany goldamagy bilen, Ýewropa yklymyna girýän futbol assosiasiýalaryň 20-siniň wekilleriniň gatnaşmagynda täze futbol guramasy döredilýär.

Welaýatymyzyň iň zehinli şaşkaçylary kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 100 öýjükli şaşka boýunça 10, 14 we 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we etraplarymyzdan ýetginjek türgenleriň onlarçasy gatnaşdy. Her bir duşuşygy çekeleşikli geçen ýaryşda 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda türkmenabatly türgen Rahman Karýagdyýewe taý tapylmady. Welaýat merkezindäki 38-nji orta mekdebiň ikinji synpyny tamamlan Rahmanyň şaşka bilen meşgullanyp başlanyna ýaňy iki ýyl geçdi. Sport ussady Mahym Mätiýewanyň zehinli şägirdi kämillik ýollaryny çalt geçýändigini subut edip, sporta gadam goýmagynyň eýýäm ikinji ýylynda welaýatymyzyň çempiony bolmagy başardy.

Sport

Welaýatyň birinjiligi  ugrundaky ýaryşlar Golaýda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda  2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Daşoguz şäheriniň 6-njy sport mekdebinde geçen ýaryşa welaýatymyzyň woleýbolçy oglan-gyzlar toparlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Gyzlaryň arasynda örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň topary  birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Şonuň ýaly-da, woleýbolçy oglanlaryň arasynda birinji orna Daşoguz şäheriniň 6-njy sport mekdebi,  ikinji orna Akdepe etrabynyň toparlary mynasyp boldular. Görogly etrabynyň woleýbolçy oglanlar topary bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da­ky 24 to­pa­ryň 5-si­niň tä­lim­çi­si ital­ýan

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan 24 ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­le­ri­niň 16-sy­na her ýur­duň ýer­li hü­när­me­ni tä­lim be­rip, 8 ýy­gyn­da baş­ga ýur­duň tä­lim­çi­le­ri, le­gio­ner hü­när­men­ler tä­lim­çi­lik ed­ýär. 24 ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­le­ri­niň ara­syn­da iň köp ita­li­ýa­ly tä­lim­çi­le­re duş gel­mek bol­ýar. Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Lu­ça­no Spal­let­ti­den baş­ga-da 4 ýur­da tä­lim ber­ýän baş tä­lim­çi­ler ita­li­ýa­ly hü­när­men­ler­dir. Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­sy­na Win­çen­zo Mon­tel­la, Slo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na Fran­çes­ko Kal­zo­na, Weng­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na-da Mar­ko Ros­si tä­lim ber­ýär. Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 38 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi­si Do­me­ni­ko Te­des­ko hem ita­li­ýa­ly tä­lim­çi bo­lup, onuň Ger­ma­ni­ýa­nyň ra­ýat­ly­gy hem bar. Ita­li­ýa­dan soň iň köp ger­ma­ni­ýa­ly, fran­si­ýa­ly hem-de is­pa­ni­ýa­ly tä­lim­çi­ler bo­lup, ady ag­za­lan bu ýurt­la­ryň her­sin­den 2 hü­när­men Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýar. Ger­ma­ni­ýa­dan ýer­li mil­li ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­si Ýu­li­an Na­gels­mann­dan baş­ga Awst­ri­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­na-da meş­hur hü­när­men Ralf Rang­nik tä­lim­çi­lik ed­ýär. Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si Di­die De­şam bi­len ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek yk­lym ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik ed­ýän Gru­zi­ýa­nyň tä­lim­çi­si Wil­li San­ýol çem­pio­na­tyň fran­

«Man­çes­ter Si­ti» bi­len «In­ter» – iň köp oýun­çy ug­ra­dan klub­lar

Çem­pio­na­ta je­mi 621 fut­bol­çy ça­gy­ry­lyp, Fran­si­ýa­dyr Bel­gi­ýa­nyň hem-de Çe­hi­ýa­nyň dü­zü­mi­nde 25, ga­lan 20 to­par­da müm­kin bo­lan 26 fut­bol­çy bar. Çem­pio­na­ta iň köp oýun­çy ug­ra­dan klub­lar 13 fut­bol­çy bi­len «Man­çes­ter Si­ti» hem-de «In­ter» to­par­la­ry­dyr. «Re­al Mad­rid» bi­len PSŽ-niň 12, «Le­ip­sig» hem-de «Bar­se­lo­na» klub­la­ryn­dan 11, «Ar­se­nal», «Ba­ýer», «Ba­wa­ri­ýa» toparlaryndan 10, «Li­wer­pul­dan», «Sla­wi­ýa Pra­ga­dan», «Ýu­wen­tus» bi­len «Ro­ma­dan», «Bo­rus­si­ýa Dort­munddan», «Bo­lon­ýadan» 9, «Man­çes­ter Ýu­naý­ted», «Mi­lan», «Wolfs­burg» klub­la­ryn­da­nam 8 fut­bol­çy gat­naş­ýar. «Brent­ford», «Fe­ýe­noord», «At­le­ti­ko Mad­rid», «Fe­ner­bah­çe», «Şaht­ýor Do­nesk» klub­la­ryn­dan 7 fut­bol­çy ýy­gyn­dy­la­ra ça­gy­ryl­dy.

Möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 60-njy ýeň­şi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 6-njy bäs­le­şi­gi Ka­na­da­nyň Mon­re­al şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Žill Willn­ýow adyn­da­ky tras­sa­da ge­çi­ri­len 70 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol ýa­ry­şy 1 sa­gat 45 mi­nut 47,927 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 60-njy ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ryş­da 2–3–4-nji orun­la­ry bri­ta­ni­ýa­ly pi­lot­lar eýe­le­di­ler. Ýe­ňi­ji­den 3,879 se­kunt yza ga­lan «McLa­ren» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris 2-nji, il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan «Mercedes» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell 3-nji, şeý­le-de onuň to­par­da­şy Lýu­wis Ha­mil­ton 4-nji or­na my­na­syp bol­dy. «McLa­ren» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri­niň 5-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «As­ton Mar­tin» to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri – is­pa­ni­ýa­ly Fer­nan­do Alon­so bi­len ka­na­da­ly Lans Stroll 6-7-nji ýer­le­ri eýe­le­di­ler.

123-nji «Fransiýa Açyk» tennis ýaryşy tamamlandy

Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 2-nji «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şy bo­lan «Fran­si­ýa Açyk­da» er­kek­le­riň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Al­ka­ras, ze­nan­lar­dan pol­şa­ly Iga Şwen­tek ýe­ňi­ji bol­dy. 123-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­le­re 2,4 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. 3 ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan

To­par­la­ryň mun­dan ozal­ky öza­ra du­şu­şyk­la­ry

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň hem­me­si­ne go­la­ýy to­par­ça­lar­da du­şuş­jak ýy­gyn­dy­la­ry bi­len ozal te­lim ge­zek du­şu­şyk ge­çir­di­ler. 2–3 sa­ny ýy­gyn­dy bol­sa il­kin­ji ge­zek EURO 2024-de öza­ra du­şu­şar­lar. Şu çem­pio­nat­da to­par­ça­lar­da öza­ra du­şu­şyk ge­çir­jek­le­riň ara­syn­da mun­dan öň iň köp ga­bat­la­şan to­par­lar Şweý­sa­ri­ýa bi­len ýer eýe­si Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­dyr. Olar mun­dan ozal 53 du­şu­şyk­da gar­şy­laş­dy­lar. Şo­lar­da Ger­ma­ni­ýa has ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, olar 36 ge­zek Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şweý­sar­lar 9 ge­zek ýe­ňip, 8 du­şu­şyk­da-da deň­me-deň oý­na­dy­lar. Gol­lar­da ne­mes­le­riň 142 to­pu­na şweý­sar­lar 69 gol bi­len jo­gap ber­di­ler.

18 ýy­gyn­dy 3-nji tap­gy­ra çyk­dy

Fut­bol bo­ýun­ça 2026-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň Azi­ýa zo­la­gyn­da 2-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Ne­ti­je­de, 9 to­par­ça­nyň her­sin­den 2 ýy­gyn­dy ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. To­par­ça­lar­da 3-4-nji ýe­ri eýe­län­ler bol­sa Azi­ýa Ku­bo­gy 2027-niň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­dan ýa­ry­şa baş­lar­lar. To­par­ça­lar­da 5-6-njy du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, 18 ýy­gyn­dy 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­dy. Şol 18 ýy­gyn­dy 6 to­par­ly 3 to­par­ça paý­la­nar. Ola­ryň bi­je­si 27-nji iýun­da Kua­la Lum­pur­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da bel­li bo­lar.