Formula 1 boýunça möwsümiň 6-njy bäsleşigi Kanadanyň Monreal şäherinde geçirildi. Žill Willnýow adyndaky trassada geçirilen 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 1 sagat 45 minut 47,927 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 60-njy ýeňşini baýram etdi.
Ýaryşda 2–3–4-nji orunlary britaniýaly pilotlar eýelediler. Ýeňijiden 3,879 sekunt yza galan «McLaren» toparynyň sürüjisi Lando Norris 2-nji, ilkinji hatardan başlan «Mercedes» toparynyň sürüjisi Jorj Rassell 3-nji, şeýle-de onuň topardaşy Lýuwis Hamilton 4-nji orna mynasyp boldy. «McLaren» toparynyň beýleki sürüjisi, awstraliýaly Oskar Piastriniň 5-nji bolan ýaryşynda «Aston Martin» toparynyň wekilleri – ispaniýaly Fernando Alonso bilen kanadaly Lans Stroll 6-7-nji ýerleri eýelediler.