Medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş
Tamamlanyp barýan Pariž 2024 XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal sanawynda 12 günüň netijesi boýunça ABŞ öňde barýar. Bu ugurda hytaýlylar bilen ýiti göreş alyp barýan ABŞ-nyň türgenleri 27 altyn, 35 kümüş, 32 bürünç, jemi 94 medal gazandylar. Olaryň söbügini basyp barýan hytaýlylaryň 25 altyn, 23 kümüş, 17 bürünç, jemi 65 medaly bar. 3-nji ýer ugrunda ilkinji 10 günde Awstraliýa bilen ýer eýeleri Fransiýanyň arasynda ýiti göreş bolupdy. Ýöne soňky 2-3 günde awstraliýalylar artykmaçlyk görkezip, arany 5 altyn medala çenli açmagy başardylar. Ilkinji 12 günde Pariž 2024-de Karib deňzinde ýerleşýän Sent-Lýusiýa, Dominika (ikisi-de altyn) hem-de Afrika yklymyna degişli, Atlantik ummanyndaky ada döwlet Kabo Werde (bürünç) ilkinji Olimpiýa medaly gazanyp, medal gazanyp bilmedik ýurtlaryň umumy sanawyndan çykmagy başardy. 3 ýurt hem 1996-njy ýylda ikinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, 8-nji synanyşyklarynda medal gazanmagyň hötdesinden geldi.