Futbol möwsüminiň ikinji ýarymyna taýýarlyk

6 Awgust 2024
124

Şu günler ýurdumyzyň futbol toparlary möwsümiň ikinji ýarymyna taýýarlyk görýärler. Olar taýýarlygyny daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary bilen has-da berkidýärler. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» we kümüş medalyň eýesi «Altyn asyr» futbol toparlary tomusky ýygnanyşyk üçin Rumyniýa Respublikasyny saýlap aldylar.

Türkmen futbolçylary bu ýerde halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Duşuşyklar futbolçylarymyzyň fiziki taýýarlygynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň çempiony tomusky transfer möwsüminde öz düzüminde käbir özgertmeleri geçirdi. Esasan hem «Ahal» topary bilen geçirilen derwezeçi çalşygy toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasyna jogapkärçilikli taýýarlanýandygyny aňladýar. Ozal çempion toparyň derwezesini goran Rahat Japarow «Ahal» toparyna geçen bolsa, «Ahaldan» derwezeçi Rüstem Ahallyýew «Arkadag» toparynyň düzümine goşuldy. Şeýle hem Orazberdi Myradow futbol ýoluny tamamlap, toparyň tälimçiler düzüminiň hataryna girdi. «Altyn asyr» bolsa futbol möwsüminiň ikinji böleginde ozalky düzümi bilen çykyş eder.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».