Ylgamagyň saglyk üçin peýdasy

2 Aprel 2023
429

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023.

Yl­ga­ma­gyň sag­lyk üçin peý­da­sy do­ly su­but edi­len fakt­dyr, ony hiç kim in­kär edip bil­mez. Hut şo­nuň üçin hem yl­ga­mak­lyk sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­la­ryň ara­syn­da iň­ňän uly meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýar. Yl­gaw­la­ryň dün­ýä ýü­zün­de iň giň­den ýaý­ran sport maş­ky bol­ma­gy­nyň ýe­ne bir se­bä­bi onuň hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­dyr. Yl­gaw bi­len meş­gul­lan­mak üçin hiç hi­li en­ja­mam, es­ba­bam ge­rek däl. Boş wagt tap­ma­ly, ýe­ňil­jek ge­ýin­me­li hem-de yl­ga­ber­me­li. Onuň sag­lyk üçin peý­da­sy­ny bol­sa nä­çe aýt­saň aý­dyp otur­ma­ly. Yl­ga­wyň sag­ly­ga peý­da­sy­ny öw­ren­mek üçin dün­ýä ýü­zün­de ýüz­ler­çe yl­my tej­ri­be­ler, sy­nag­lar ge­çi­ril­di.