Türkmen Bitaraplygy — ösüşiň ýoly

9 Dekabr 2022
769

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli baýlaşdyrýar. Durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýän döwleti hökmünde halkara giňişligindäki ornuny barha berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýalarda ýurdumyzyň Bitaraplygy aýratyn orny eýelemek bilen, ol howpsuzlygyň ähli düzüm bölekleriniň dünýä derejesinde üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň yzysüresi halkara gatnaşyklar ulgamynda hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagy döwletimiziň milli ýol-ýörelgämize ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr.

Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.