Bagtyýar durmuşyň gözbaşy

9 Dekabr 2022
803

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Hemişelik Bitaraplyk – Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplyk – halkymyzyň umumadamzat ýörelgeleri bilen sazlaşýan ruhy binýady.

Hormatly Prezidentimiziň, eziz Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde gazanylýan taryhy ösüşler, Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk – bu mukaddeslikler bir-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan milli gymmatlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk – ata Watanymyzyň sarsmaz, hemişelik mizemez sütüni. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy – hemişelik Bitaraplygyň dünýä ýalkym saçýan şamçyragy. Hemişelik Bitaraplyk – türkmeniň milli ruhunyň täzeden dabaralanmasy, ata-baba taryhy kökleri bilen sazlaşýan ajaýyp ýörelgesi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.