Dabaralar, çäreler, maslahatlar

9 Dekabr 2022
857

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylygyň ösüşli ýoly» atly şygar astynda geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Täzegül Nepesowa hem-de ýaşuly nesliň wekilleri Baýrammyrat Allanazarow, Nurjemal Jumageldiýewa dagy çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň uludan bellenilýän 27 ýyllyk toýy bilen gutlap, pederlerimiziň milli ýol-ýörelgeleriniň dowamy bolan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, hoşniýetli gatnaşyklar babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler.