Bitaraplyk — bagtymyz

7 Dekabr 2022
856

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlarynyň ýüzlerçesi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy türkmen diplomatiýasynyň uly ösüşlerinden habar berýär. Şeýle hem ata Watanymyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna örän uly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara maslahatlarynyň yzyzgiderli geçirlip durulmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň giň möçberde gurulmagy, ylym-bilime uly üns berilmegi Diýarymyzda il-ýurt bähbitli syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Çünki, biziň ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde, şeýle-de, döwletiň içki asudalygyny doly üpjün edip, Bitaraplyk syýasatyny durnukly amala aşyrýan, halkara diplomatiýasyna netijeli goşant goşýan, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşleri gazanýan döwlet hökmünde tanalýar.