Beýik işleriň buýsanjy

7 Dekabr 2022
724

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başyny başlan Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly tamamlanyp barýar. Şu ýylyň belent sepgitleriň, şanly wakalaryň ýyly bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda gazanylan zähmet ýeňişleri ähli ulgamlardaky üstünlikler bilen utgaşýar. Şanly ýylymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakda bitirilen we bitirilýän tutumly işler “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň taýsyz tagallalarda ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzyň taryhy wakalary dünýä ýaň salyp, Garaşsyz döwletimiziň halkara maslahatlarynyň, forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän arzyly mekanyna öwrülýändigi guwandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününiň uly toýunyň barha golaýlaýan günlerinde şanly ýylymyzyň ýeňişli menzilleri hakynda oýlananyňda ata Watana guwanjyň goşalanýar. Şu guwanç duýgusy bolsa, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işlere goşantly bolmaga ruhlandyrýar.