Waspy dillerde dessan

7 Dekabr 2022
833

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde welaýat döwlet drama teatrynda geçiren aýdym-sazly dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. «Eziz Watan Bitarap, dünýä ýüzi bize tarap» diýen at bilen geçirilen dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dogrusynda söhbet edildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty bilen ata Watanymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada amala aşyrylýan tutumly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar we bu ugurda anyk ädimleri ädýär, döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».