Bag — durmuşyň bezegi

22 Iýun 2022
1306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de biodürlüligi üpjün etmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet wezipesine girişenden soňra ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi Gahryman Arkadagymyzyň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygyndan aýdyň nyşandyr. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlaryň künjekleri bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar emele getirildi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi hakynda hoş habaryň gelip gowuşmagy ählimiz üçin buýsandyryjy waka boldy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşyna asylly däp bolup ornady. Hemmämize mälim bolşy ýaly, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna 30 million düýp bag nahalynyň oturdylmagy, täze desgalaryň açylyş dabaralary, ýaş çatynjalaryň nika toýlary, çaganyň dünýä inmegi mynasybetli oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýar. Bagy-bossanlyga bürenen Aşgabadyň gözelligi diňe bir ylham çeşmesi bolman, medeniýetli ýaşaýşyň hem möhüm görkezijileriniň biridir.

Maýagözel HOJALYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.