Ýaşyl gurşawyň goragynda

6 Iýun 2022
1526

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ähli halkymyz agzybirlik bilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belläp geçdi.

Bu baýramçylyk senesi mynasybetli 5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň bilen ugurdaş bu ýerde ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän sergi guraldy.

«Watan».