Bagy-bossanly şäher

26 Aprel 2022
1218

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi bilen baglanyşykly hoş habaryň aýdylmagy kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Bu şatlykly habar ak mermerli paýtagtymyza bolan söýgimizi we buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň baş şäheri çalt depginde özgerip, dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwrülýär. Aşgabadyň binagärlik görküne diňe bir belentden belent ymaratlardyr desgalar, köprüler, aýna ýaly tekiz şaýollar, suw çüwdürimleri gözellik goşman, eýsem al-ýaşyl öwşün atýan baglar oňa özboluşly owadanlyk berýär. Paýtagtymyzyň çäginde ýylyň-ýylyna millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar we olara yzygiderli ideg işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, merjen şäherimiziň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna täsir edýär.

Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.