Ekologiýa abadançylygy

21 Aprel 2022
1433

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda daşky gurşawyň goragyny we amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan anyk işleriň mysalydyr.

Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadyna eýerýär.

Şamyrat GUMMANOW,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.