Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 11—17-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

11 Aprel 2022
1293

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+15o-dan +20...+22o aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24o-dan +32...+34o aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+l4o-dan +19...+21o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar.