Durmuşymyzyň we dünýämiziň bezegi

1 Aprel 2022
1167

Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmek işine halkymyz örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu baharynda-da milletiň asyrlaryň jümmüşinden kök alyp gaýdýan bag ekmek ýörelgesiniň rowaç gadamlary zamanamyzyň belent ruhy bilen utgaşyp, göwünlere galkynyş paýlady. Bu çäre ekologiýa abadançylygynyň barha pugtalandyrylýandygynyň mizemez subutnamasydyr.

Geçen ýyllarda ýurdumyzda tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi, möhüm kanunlar, kararlar kabul edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar.

Orazgeldi ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.