Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary ählihalk bag ekiş dabarasyna işjeň gatnaşdylar

20 Mart 2022
1496

Şu gün — 20-nji martda demirgazyk welaýatyň merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň ugrunda alys gözýetime uzap gidýän tutuş giňişlik döredijilikli zähmete, arassa yhlasa beslendi. Şu  ýyl welaýat boýunça dürli agaç nahallarynyň jemi 300 müň düýbi ekiler. Ýazky bag ekiş möwsümine badalga berlen güni demirgazyk sebitiň etrap-şäherlerinde pürli we miweli baglaryň, tut nahallarynyň 68 müň düýbi oturdyldy.

Esasy dabaralaryň geçirilen ýeri bolan welaýatyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektar meýdanda pürli agaç nahallarynyň 10 müň düýbi oturdylyp, olara degişli ideg işleri ýerine ýetirildi.

Amanmyrat SAPAROW. (Öz habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.