Ahalda dürli bag nahallarynyň 80 müňden gowragy oturdyldy

20 Mart 2022
1375

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy gadymy Ahal ýaýlasynda hem özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi.  Ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda welaýatyň çäginde dürli bag nahallarynyň jemi 80 müň 170 düýbüni, şol sanda saýaly we pürli bagyň 47 müň 910, miweli bagyň we üzümiň 32 müň 260 düýbüni oturtmak göz öňüne tutuldy.

Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň, daýhan birleşikleriniň, şeýle-de giň ýaýlalaryň ýörite kesgitlenen ýerleriniň bu asylly çäre üçin birkemsiz taýýarlanyp, gerek möçberdäki ýaş bag nahallary bilen üpjün edilmegi ählihalk bag ekmek dabarasyna guramaçylykly başlamaga mümkinçilik berdi.

Aýdo ŞEKEROW. (Öz habarçymyz).
Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.