Abadan ýaşaýşyň gönezligi

20 Mart 2022
1303

Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmak we oňa hyzmat etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyzdyr. Şeýle işleri durmuşa geçirip iş ýüzünde amal etmek daş-töweregiň tämizligini üpjün etmekden başlanýar. «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip Gahryman Arkadagymyz jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda döwletimizde ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar.

2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitiniň maksatnamalaýyn resminamasynda «2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda Gün tertibi» kabul edildi. Resminama maksatlaryň 17-sini özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.

Babajyk BABAJYKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.