Ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy baýramyň öň ýanyndaky baýramçylyk

20 Mart 2022
1409

Il içinde «Daragtlar adamlara meňzeýär» diýilýär. Olar, çyndanam, adamlara — olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr baglaryň esasy wezipesi — ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin zerur bolan arassa howany bölüp çykarýarlar. Eýsem, olaryň diňe şu hereketleriniň özi ýagşylygyň iň ýagşy nusgasy dälmi näme?!

«Ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýen dana pähimi ýada salalyň! Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletimizi dolandyran ýyllarynda bu pähim baglar babatda-da özüniň subudyny tapdy. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň hut özi agaçlara ideg etmeklige, bag ekmeklige aýratyn üns berip, güneşli ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek üçin edilýän tagallalaryň başynda durýar, ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işde ähli halka görüm-görelde görkezýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyz günsaýyn gür baglyga, sergin howaly jenneti mekana öwrülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda edilýän işlere mysal hökmünde ýurdumyzda her ýylda güýzki we ýazky bag ekmek möwsümleriniň geçirilip, millionlarça agaç we bag nahallarynyň oturdylmagyny görkezmek bolar. 2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahalynyň ekilmegi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde döwlet tarapyndan edilýän uly işleriň güwäsidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gol çeken Karary esasynda, şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şu ýyl güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde miweli, pürli we saýaly baglaryň 3 million düýbi oturdylar.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».