Agaçlaryň peýdasy barada käbir maglumatlar

20 Mart 2022
1216

■ Bir düýp agaç ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Bu mukdar üç sany ynsanyň ýylboýy arassa howadan dem almagyna mümkinçilik döredýär.

■ Agaçlaryň howany sazlaýjy hökmünde bitirýän hyzmatlary hem bimöçberdir. Has hem yssylygy özüne çekýän asfalt ýollar, beton binalar köp bolan uly şäherlerde dogry gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň temperaturasynyň 10 — 12 gradus salkyn bolmagyna ýardam edýär.