Sogaply işiň sahawaty

18 Mart 2022
1162

Her ýyl Diýarymyzda saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Jemgyýetçilik taýdan bähbitli bolan köpçülikleýin bag ekmek ýörelgesi ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär.

Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, ýurdumyz tutuş adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşýar. Alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Haýtgül ORUNOWA,
Saýat etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.