«Tug reňli baglar sendedir...»

17 Mart 2022
1129

Baharyň tebigata jan berip, töwerek-daşy gözel görnüşe beslemegi adamlara ruhubelentlik eçilip, özboluşly baýramçylyk joşgunyny emele getirýär. Şeýle günlerde tebigata çykmak, onda-da bu görkana görnüşe goşandyňy goşmak her birimizde ýakymly duýgulary döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň çar künjeginde bag ekmek dabaralarynyň ýaýbaňlanmagy bolsa indi halkymyzyň özboluşly dessuryna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem bu ajaýyp dessuryň şu ýylky dowamyna badalga boldy.

Ýurdumyzda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy her ýylda Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilýär. Çünki gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramda ýaşyl nahallaryň ekilmegi iň bir gowy maksatlaryň kalba beslenmegini alamatlandyrýar. Munuň özi ekýän nahallarymyz ýaly, her birimiziň Watan üçin amala aşyrýan işlerimiziň düýp tutup, ösüp, halka, şu topraga eşret eçilmegi baradaky pelsepedir.

Arzygül ORAZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.