Biologik serişdeleriň aýawlylygy

17 Mart 2022
1207

Hormatly Prezidentimiziň ekologik syýasatyny amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny düzýän kanunçylyk namalarynyň biri hem «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Ol 2011-nji ýylda kabul edilip, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanun 10 bapdan, 52 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

Türkmenistanyň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri suwuň bioserişdeleriniň köpeldilişine, goralyşyna döwlet gözegçiligine, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň rejeli peýdalanylyşyny dolandyrmaga, suwuň bioserişdeleriniň monitoringine, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini goramaga esaslanýar.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.