Ýaşyl tebigat — ýaşaýyş

16 Mart 2022
1185

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny, arassa ekologiýa gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabatda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdyldy.

Bag ekmek ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan sogaply işiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Oňa laýyklykda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we merjen şäherimiz Aşgabatda ýaşyl zolaklaryň täze tapgyry dörediler. Munuň özi eziz Watanymyzda arassa howa gurşawyny döretmekde, halkymyzyň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşyny üpjün etmekde nobatdaky möhüm ädim bolup durýar.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.