«Bagym bar, barym bar»

16 Mart 2022
1204

Uly ruhubelentlik bilen dowam edýän 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen halkynyň ata-baba däbine öwrülen bag ekmek ýörelgesi bu günki gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş türkmenistanlylaryň kalbyna aram, ýüregine joş, dünýäsine eşret goşýar. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, atalarymyzdan ogullara — häzirki türkmen nesillerine çenli dowam edip gelýän bu asylly ýörelgämiziň asyl manysy bagdyr bakjalaryň ekilmeginiň adam saglygyny berkidýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Baglar — ylham çeşmämiz, saglygymyzyň gözbaşy, arassa howamyzyň Ýer ýüzüne dolmagynda iň möhüm serişdämiz bolup durýar. Saglygy döwlet baýlygyna deňäp, özüne baş ýörelge edinip, «Saglygym — baş baýlygym» diýýän türkmen halkymyz soňky ýyllarda, hususan-da, asylly däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyna uly joşgun, hyjuwdyr isleg bilen gatnaşýar. Köpetdagyň eteginden başlap, mukaddes Watanymyzyň her garyş topragyny bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».