Bagy-bossanly mekan

16 Mart 2022
1111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna ideg etmek işleri talabalaýyk dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 20-nji mart güni ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy guralar.

«Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumlarynyň içindedir» diýen pähim bar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler hemişe şanly geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilýär. Umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlar yzygiderli geçirilýär.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.