Bagy-bossanly Diýar

15 Mart 2022
1169

Halkymyzda «Bag eken baky ýalkanar» diýen nakyla öwrülen jümle bar. Bu çuň manyly jümläniň aňrysynda bag ösdürip ýetişdirmegiň, oňa ideg etmegiň örän asylly we sogap işdigi hakdaky hakykat dur. Bu gün Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän giň göwrümli, maksatnamalaýyn işler ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, gymmatly wesýetlerine berk eýerilip, olaryň täze döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýandygynyň buýsançly subutnamasydyr.

Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär hem-de Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça şeýle asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri işjeň goşulýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeginde pürli, saýaly we miweli baglaryň on millionlarça düýbüniň oturdylyp, täze ýaşyl zolaklaryň emele gelmegi güneşli Diýarymyzy bagy-bossanly mekana öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygynyň görkezijisidir. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda 25 million, 2021-nji ýylda bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna 30 million düýp miweli, saýaly, pürli baglaryň hem-de üzümiň ekilendigini bellemek has-da ýakymlydyr.

Guwanç MYRATLYÝEW,
Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň Umumy bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.