Tokaýlaşdyrmagyň ähmiýeti

15 Mart 2022
1197

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilýän emeli tokaý zolaklarynda ekilýän sosna, arça, tuýa, ak akasiýa, derek, söwüt we dub agaçlary fitonsid maddasyny bölüp çykarýarlar. Bu madda adamyň we haýwanlaryň saglygyna zyýan berýän keselleriň mikroorganizmlerini hem-de bakteriýalaryny ýok etmek hasiýetine eýedir. Alymlaryň pikiriçe, pürli agaçlaryň tokaýlygynda kesel dörediji bakteriýalar saýaly agaçlaryň tokaýlygyndan 2 esse az bolýar. Mysal üçin, bir gektara ekilen arçalar gije-gündiziň dowamynda 30 kilograma golaý fitonsid bölüp çykarýarlar. Sosnanyň bölüp çykarýan fitonsidi inçekeseli dörediji bakteriýany ýok edýär.

Gara derek özünden köp kislorody bölüp çykarýan agaç hasaplanýar. Ol örän çalt ösýär hem-de bir ýylyň dowamynda 100 kub kislorody bölüp çykarmak ukybyna eýedir. Hasaplamalara görä, gara deregiň ösüş döwründe bölüp çykarýan kislorodynyň möçberi tutuş gury agramyndan 1,32 esse, şeýle hem onuň gury agramyndan howadan sorup alýan kömürturşy gazynyň agramy 1,82 esse köpdür. Şeýle hem gara derek howanyň ýere golaý gatlagynyň arassalanmagyna ýardam edýär. Ol 35 metr beýiklige çenli ösýär hem-de 300 ýyla golaý ýaşaýar. Bu agajyň kölegesiniň salkynlygy howanyň yssy wagtyndakydan 20 göterim pes bolýar.

Ýusupbaý AMETOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.