Tebigaty goramak — borjumyz

15 Mart 2022
1333

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bag nahallaryny oturtmak toplumlaýyn çäreleriň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekildi.

Şol Karary ýerine ýetirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakda Karara gol çekdi. Onda şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. Şonuň 1,5 millionyny Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar, 1,5 millionyny welaýat häkimlikleri eker. Şeýle hem olara miweli bag we üzüm nahallaryny aýratyn kesgitlenen ýerlerde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.