Wodorod energetikasynyň mümkinçilikleri

14 Mart 2022
1162

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek hem-de howa zyňylýan kömürturşy gazyny azaltmak üçin ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary ulanmak meselesi örboýuna galýar. Şundan ugur alnyp, nebiti we kömri ýangyç hökmünde ulanmaga bolan isleg peselip, olar ekologiýa taýdan arassa tebigy gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen çalşylýar. Geljekde netijeli energiýa çeşmelerini ösdürmek we howany zyýanly zyňyndylardan arassalamak ugrundaky çärelerde wodorod energetikasyna uly orun degişli bolar diýlip çaklanylýar.

Wodorod dünýäde iň giň ýaýran elementleriň biridir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, älemdäki ähli elementleriň düzüminiň 99 göterimi wodoroddan ybaratdyr. Ýer togalagynyň jümmüşinde hem wodorodyň ägirt uly gorlary bolup, onuň iň giň ýaýran ýüze çykmasy suwdur. Suwuň molekulasy iki wodorod we bir kislorod atomyndan ybarat. Häzirki wagtda önümçilikde ulanylýan wodorod diňe emeli usulda öndürilýär. Soňky ýyllarda wodorody gazylyp alynýan çig mallardan almak usuly tehnologiýa taýdan özleşdirildi.

Eziz ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň hem-de metrologiýa ölçeg serişdelerini barlaýan ylmy barlaghanasynyň aspiranty.