Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 14-20-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

14 Mart 2022
1218

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +l...+3o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.