Zemin görki — ýaşyl bag

6 Noýabr 2021
1633

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 22-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde mundan beýläk-de ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Tebigata aýawly garamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady.

Şu ýyl eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirildi. Ýazky möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, onuň galan bölegini güýzki möwsümde oturtmaga taýýarlyk görülýär. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň şanyna ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylandygy-da aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Aşyr ÝOLLYBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.