Çekeleşikli ýaryşlar

8 Awgust 2021
1092

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport ýaryşlary geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsümini merkezde şat geçirýän okuwçy ýaşlaryň arasynda guralan ýaryşlar gyzykly boldy.

Çagalaryň sporta we bedenterbiýä höwesini artdyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sportuň degişli görnüşleri boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjy ýaşlara üstünlik arzuw edildi. Oňat arzuwlardan ruhlanan okuwçylar sportuň basketbol, woleýbol, kiçi futbol, şaşka görnüşleri boýunça erjelligini görkezdiler.

Döwran GURBANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.