Tokio 2020-de basketbol ýaryşlarynda «C» toparçada Sloweniýanyň ýygyndysy Argentinanyň ýygyndysyny 118:110 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda sloweniýaly Luka Donçiç 48 utuk geçirdi. Duşuşygy 11 ribaunt we 5 asistlik görkezijiler bilen tamamlan Donçiç Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda bir duşuşykda iň köp utuk geçiren ikinji basketbolçy boldy. Bu ugurda rekord braziliýaly Oskar Şmidte degişli bolup, ol Seul 1988 Olimpiadasynda Ispaniýa bilen bolan oýunda 55 utuk geçiripdi.