Buýsançnama

29 Iýul 2021
1065

Berekella Polina! Kemal tapdyň käriňden,
Olimpiýa ýaryşy uzakda Diýaryňdan,
Döşüň kümüş medally, parlatdyň ýaşyl Tugy,
Älem bakdy ýeňşiňe, guwandy oguz kowmy.
Ýaşlyk nämä ukyply, görkezdiň güýç-kuwwatyň,
Dünýä belli ýaryşa, heniz ugrajak wagtyň,
Ýadyňdadyr Gahryman Arkadagyň aýdany,
“Arşa galdyryň — diýip — bu Watanyň adyny.
Sport gujur-gaýratdyr, gözbaşy gözelligiň,
Sagdynlyk ol ynsana, mekdebi ezberligiň”.

Tälim aldyň ussatdan, gysganmadyň wagtyňy,
Agyr atletikadan agtardyň sen bagtyňy.
Ýaponiýa — Tokio Günüň dogýan ýerinde,
Tomusky Olimpiýa, ýeňmek hemmäň serinde.
Çykan wagtyň bökjekläp, kän bolandyr geňlänler,
Soňra “Aperin!” diýdi, netijäni diňlänler,
“Türkmenistan, Gurýewa, eýe ikinji orna!”
Ör turanda märeke, ýürekler geldi ýerne.
Türgen juda mynasyp, ynha, kümüş medala,
Olimpiýa ýaryşy, ýeňiş seniň peýdaňa.

Nowruz GURBANMYRADOW,
«Edebiýat we sungat».