«Ýaşyl» energiýa — geljegiň energiýasy

28 Iýul 2021
1342

Daşky gurşawyň abadançylygy soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan iň derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda hem tebigaty goramak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti» ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän ähli asylly işlerde bolşy ýaly, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hem hususy ulgamyň wekilleri işjeňlik görkezýär. Bizem ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça baý tejribe toplan «Täze energiýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Nury Hydyrow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri we alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk.

Söhbetdeş bolan Ahmet TÄÇLIÝEW.