Türkmen türgeniniň ýeňiş medaly

28 Iýul 2021
868

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana getiren Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparymyzyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

(Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy).