Türkmen sportunyň täze belentlikleri

21 Iýul 2021
908

Halkyň saglygy hakynda alada milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň, uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy baradaky alada durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ata Watanymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Dünýäniň 56 döwleti berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýan bu çözgüde awtordaş hökmünde çykyş etdi.

Nurýagdy BAÝLYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.