Sport — dostlugyň ýoly

20 Iýul 2021
1161

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ylmy esasda ösdürmek baradaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygynyň esasy ugruna öwrüldi.

Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň esasy ýörelgesidir. Sport ýaryşlary dostlugyň we parahatçylygyň gönezligidir, birek-biregiň ukybyna we başarjaňlygyna hormat goýmagyň gözbaşydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda sportuň ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçiliklere dünýä ýüzünde örän uly baha berilýändigine biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Munuň özi milli Liderimiziň parahatçylygyň waspçysy bolan sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde alyp barýan işleriniň dünýä ýaň salýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Kakabaý SEÝDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň esasy hünärmeni.