Göreşen ýykar, ýaryşan ozar

19 Iýul 2021
1064

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çary Jumakow 1974-nji ýylda Saýat etrabynda dünýä indi. Ol orta bilimi etrapdaky 12-nji orta mekdepde aldy. 12 ýaşyna ýetende deň-duş oglanlary bilen guşakly göreşden türgenleşige gatnap başlady. Oňa ussat tälimçi Çary Mämmedow guşakly göreşiň inçe syrlaryny öwretdi. 57 kilogram agramda göreşip başlan ýaş ýigit etrabyň çäginde geçirilen ýaryşlarda birinjiligi elden bermedi. Ol 1991-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda milli göreşden birinji orny eýeleýär. Orta mekdebi tamamlandan soň 1992-nji ýylda Çary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetine okuwa girýär. Şol ýylda-da ol sport ussady diýen derejä eýe bolýar. Çary ýokary okuw mekdebinde okaýan döwründe guşakly göreş boýunça döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda yzly-yzyna üstünlik gazanýar. Şol ýyllarda Aşgabat şäherinde Türkiýe, Eýran döwletleriniň gatnaşmaklarynda turnir ýaryşy geçirilýär. Çary Jumakow şol ýaryşda absolýut çempion hem-de öz agramynda çempion bolýar. Ol 2001-nji ýylda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen dünýä ýaryşynda ikinji, Aziýa oýunlarynda üçünji orunlary eýeleýär. 1997-nji ýylda okuwyny tamamlandan soň Çary Jumakow Saýat etrabynyň 1-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işläp başlaýar.

Tälimçiniň öz işiniň netijesinden kanagatlanmagyna, türgenlerine guwanmagyna esas bar. Onuň ýetişdiren türgenleri welaýat, döwlet derejesinde birnäçe gezek çempion boldular, olaryň arasynda ýokary derejelere mynasyp bolanlary hem bar. Türkmenistanyň sport ussatlary Çary Jummanow bilen Aman Hudaýkulyýew, sport ussatlygyna dalaşgär Kakageldi Halykow, sport ussady Toýly Halyýew hem-de Tagandurdy Ödekow, sport ussatlygyna dalaşgär Pälwan Jumakow, halkara derejeli sport ussady Seýdi Batyrow dagy onuň şägirtleridir. Ussat tälimçiniň ogullary Şatlyk bilen Pälwan Jumakowlar hem ata kesbini dowam edýärler. Pälwan Jumakow 2016-njy ýylda Gazagystanyň Nur-sultan şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilogram agram derejesinde göreşip, altyn medala hem mynasyp boldy. Onuň şägirdi Seýdi Batyrow bolsa 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda iň ýokary netije gazanan türgen hökmünde sportuň, aýratyn-da, göreş sungatynyň taryhyna giren iri yklym ýaryşynda altyn medalyň altysyny eýeledi. Seýdi 2011-nji ýylda guşakly hem-de türkmen milli göreşinden Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalygyna hem kabul edildi we Aziýanyň, dünýäniň çempiony boldy.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.