Üstünlik hemraňyz bolsun!

19 Iýul 2021
924

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

"Nesil".