Ýeňiş bilen dolanyň!

19 Iýul 2021
922

Olar ýene toýa ugradylar. Ýöne bu toý ozalkylaryň dagy çeni-çaky däl. Bu toýa bütin dünýä gatnaşýar. Özem oňa gatnaşmak ýeňil-ýelpaý däl. Hany, durmuş toýlarynda käbir gutlagçylar: «Bagta barýan çarkandakly ýollar» diýen düşünjäni ulanýarlar-a! Şu toýa barylýan ýol hem çarkandaklardan doly. Uly toýa gitjegiň çyn bolsa, şolaryň ählisinden ýeňiş bilen geçmeli. Mahlasy, toýa gitmäge mynasyp bolmaly.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.