Türkmenistanly emine ynam bildirildi

19 Iýul 2021
811

2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp durulýardy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşýärdi.

Günüň islendik wagtynda jaň etseňem, onuň äheňinden seniň jaňyňa garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly olimpiýaçylaryň Tokio şäherine ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde, sport baýramçylygynda ýurdumyzdan eminiň hem wekilçilik etjekdigi baradaky habary eşidip, diýseň begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etmegiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowa ynanylandygyny bilip, ikinji gezek begendik. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna ildeşimiziň eminlik etjekdigi bolsa ýene bir ýola begenmegimize we guwanmagymyza sebäp boldy. Çarygeldi Mämmedowyň bu jogapkärli işiň hötdesinden abraý bilen geljekdigine berk ynanýarys. Çünki ol 2017-nji ýyldan bäri dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem ençeme iri halkara ýaryşlarynda emin bolup, Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi.

Hojaberdi APBAÝEW.