Türkmen olimpiýaçylaryna ynam uly

19 Iýul 2021
866

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesine hem-de sport bilen işjeň meşgullanmaga ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, ilkinji nobatda bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynamly öňe barýan ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň oňat göreldedir. Milli Liderimiz sport hereketiniň öňüni çekip we onuň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyny üpjün edip, öz göreldesi bilen diňe bir beden taýdan sagdynlyga we ýokary netijeleri gazanmaga däl, eýsem, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine çagyrýar.

Şunda, ilkinji nobatda, adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, belent oý-pikirleriniň ulgamy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Onuň esasyny bolsa Watanymyza bolan çäksiz söýgi duýgusy hem-de ony has-da kuwwatly we rowaç döwlete öwürmek islegi düzýär. Bu maksada ýetmekde bolsa köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmäge aýratyn orun degişlidir.

Ýörite habarçymyz.